TMBIZ - Gizlinlik syýasaty

Bu gizlinlik syýasaty tmbiz platformasyna (“Platforma”) degişlidir, olara web sahypa we mobil goşundysy degişlidir. Bu Gizlinlik Syýasaty, ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny platformamyzda nähili ýygnaýanlygymyzy we ulanýanlygymyzy düşündirmek üçin ýazylan.


Biz näme maglumatlary toplap bileris? We nähili ulanarys?

1.Şahsy maglumatlar: Hasap döredeniňizde ýa-da platforma gireniňizde, adyňyz, elektron poçtaňyz, telefon belgiňiz, açar sözüňiz we hasap suratyňyz.

2.Kontent: Platformamyzda admin tarapyndan ýerleşdirilýän kontentyňyz, mahabatlaryňyz, wideolaryňyz we suratlaryňyz, işiňiz barada maglumatlar, işiňiziň ady, hödürleýän hyzmatlaryňyz we harytlaryňyz we aragatnaşyk maglumatlaryňyz.

3.Tehniki maglumatlar: Biz awtomatiki ýagdaýda IP salgyňyz, operasion ulgamyňyz, brauzer görnüşiňiz , şeýle-de enjam maglumatlaryňyzy toplap bileris.

4.Mobil funksiýalaryna elýeterlilik: Platformamyzyň işini has-da kämilleşdirmek we ähli funksiýalardan doly peýdalanmagyňyz üçin aşakdaky enjam mümkinçiliklerine ygtyýarlyk soraýarys:

·       Galereýa we Kamera: Hasabyňyza we mahabat bannerine suratlaryňyzy ýükläp bilmegiňiz üçin.

·       Bildirişler: Platformamyzdaky täzelenmeler, teklipler we habarlar barada size bildirişler ibermek üçin.

6. Platformany ulanyşyňyz : Platformadaky aktiwligiňiz, görýän we halan kontentiňiz.

7. Cookie Maglumatlary: Cookies bu ulanyjynyň kompýuteri ýa-da mobil enjamyndan ulanýan brauzerinden web sahypalary tarapyndan soralýan kiçi maglumat bölejiklerdir. Cookies, internet ulanyjynyň enjamynda saklanýar. Platforma ulanyjylara degişli cookies ýygnaýar we işleýär.


Siziň mümkinçilikleriňiz:

Siziň şahsy maglumatlaryňyza degişlilikde şu mümkinçilikleriňiz bar:

1.    Şahsy maglumatlaryňyzy täzelemek:

 Hasabyňyza girip, şahsy maglumatyňyzy täzeleýärsiňiz.

2.    Cookies:

Brauzeriňiz arkaly cookies-lary öçürip bilersiňiz, ýöne bu platformanyň işleýşine täsir edip biler.


Gizlinlik Syýasatynda üýtgeşmeler

Bu Gizlinlik Syýasatyny wagtal-wagtal täzeläp bileris. Girizilen üýtgeşmeler barada sizi habardar ederis.

Biz bilen habarlaşyň

Eger bu Gizlinlik Syýasaty barada soraglaryňyz bar bolsa, biz bilen info@tmbiz.com.tm habarlaşyň!