Gizlinlik syýasaty
Bu gizlinlik syýasaty TMBIZ platformasyna (“Platforma”) degişlidir; web sahypa we mobil goşundysy degişlidir. Bu Gizlinlik Syýasaty, ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny nähili ýygnaýanlygymyzy we ulanýanlygymyzy düşündirmek üçin ýazylan.
Biz näme maglumatlary toplap bileris? We nähili ulanarys?
1. Şahsy maglumatlar: Hasap döredeniňizde ýa-da platforma gireniňizde, adyňyz, elektron poçtaňyz, telefon belgiňiz, açar sözüňiz we hasap suratyňyz.
2. Kontent: Platformamyzda admin tarapyndan ýerleşdirilýän kontentyňyz, mahabatlaryňyz, wideolaryňyz we suratlaryňyz, işiňiz barada maglumatlar, işiňiziň ady, hödürleýän hyzmatlaryňyz we harytlaryňyz we aragatnaşyk maglumatlaryňyz.
3. Tehniki maglumatlar: Biz awtomatiki ýagdaýda IP salgyňyz, operasion ulgamyňyz, brauzer görnüşiňiz, şeýle-de enjam maglumatlaryňyzy toplap bileris.
4. Mobil funksiýalaryna elýeterlilik: Platformamyzyň işini has-da kämilleşdirmek we ähli funksiýalardan doly peýdalanmagyňyz üçin aşakdaky enjam mümkinçiliklerine ygtyýarlyk soraýarys (galereýa, kamera, bildirişler).
5. Platformany ulanyşyňyz: Platformadaky aktiwligiňiz, görýän we halan kontentiňiz.